Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýar. Hünärmentçilikde iň kämil derejä ösüp ýeten amaly-haşam sungatynyň bir görnüşi-de zergärçilik sungatydyr. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli hem-de medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.
Türkmeniň zergärçilik sungatyna öz uly goşandyny goşýan ýaş zergärleriň biri-de Şazada Orazberdiýew bolup, ol Mary welaýatynyň Baýramaly detrabynyň Gatakar geňeşliginde doglupdyr. Zergär 1996 ― 2000-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra bolsa 2000 ― 2006-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alypdyr. Ýaş zergär suratkeş birnäçe ussahanalarda zähmet çekipdir we dürli ýurtlarda döredijilik saparlarynda bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa Şazada Orazberdiýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zergär mugallymy bolup işleýär. Onuň döreden eserleri özüniň nepisligi, owadanlygy bilen has-da tapawutlanýar. Zergäriň “Ahalteke”, “Halkyň beýik edermenidir Arkadag”, “Baýdak”, “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly altyn çaýylan birnäçe suwinir eserleri bar. Şazada Orazberdiýewiň türkmeniň milli tugy bilen baglanyşdyryp döreden “Baýdak” (2010) atly sowgatlyk eseri döwletiň milli garaşsyzlygyny we syýasy bitewüligini, simwolyny çeper dil arkaly beýan edýär. Onuň gurluşy, reňk sazlaşygy we döwlet nyşanlarynyň ýerleşdirilişi çuň manyly taslamany emele getirýär. Eseriň gurluşy dikligine bolup, ösüşiň aşagyndaky pastament bolsa, döwletiň binýadyny aňladypdyr. Orta bölekdäki sagat wagtyň dowamlylygyny görkezýän nyşandyr. Taslamanyň iň ýokarky nokadynda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň ýerleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, syýasy taýdan Baýdak – döwletiň garaşsyzlygyny, ýaşyl reňk – parahatçylygy, haly gölleri – taryhy-medeni mirasymyzy we ýarym aý bilen ýyldyzlar bolsa, geljege ymtylyşyň, ösüşiň simwoly hökmünde görkezilýär. Sagadyň ýüzünde rim sanlarynyň ulanylmagy halkara medeni arabaglanyşygyň nyşany bolup hyzmat edýär. Eserde ösümlik nagyşlary, milli haly gölleriniň şekilleri ulanylyp, bezegleriň köp gatly ýerleşdirilmegi taslamanyň dabaralylygyny has-da güýçlendirýär.

Bedew – türkmen halkynyň kalbynyň ganaty, taryhynyň bolsa iň wepaly şaýadydyr. Şazada Orazberdiýewiň “Bedew” (2015) atly eserinde hem türkmen bedewiniň çar paýa galyp duran pursaty görkezilýär. Eser sowgatlyk sagat eseri bolup, bu dörtburç pastament görnüşde ýaşyl, altynsöw reňkleriň utgaşmasy bilen ýerine ýetirilipdir. Pastamentiň merkezinde sagat ýerleşdirilip, onuň töwerekleri ösümlik nagyşlary we gaşlar bilen bezelipdir.

Şazada Orazberdiýewiň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” taslamasy 2018-nji ýylda geçirilen “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly bäsleşik-sergä niýetlenip ýasalypdyr. Eserde sagat göni merkezi bölekde, has ünsi özüne çekiji ölçegde we haşamlanan görnüşde ýerine ýetirilipdir. Sagadyň fonunda Beýik Ýüpek ýolunyň kartasy ýerleşdirilip, aýlawynda “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýazgy ýazylypdyr. Rim sanlaryny görkezýän sagadyň dili gara reňkde ýerine ýetirilip, daşy aýna bilen örtülipdir. Eseriň iki gapdalyndaky ritonlar has-da dabaranlandyrylyp, düýeleriň hem hatar kerwen bolup geçip barýan pursaty görkezilýär. Umuman aýdanyňda, bu eser türkmen zergärçilik sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çeper çözgütli taslamadyr. Onda milli nagyşlar, reňk sazlaşygy we simwoliki şekiller arkaly türkmen halkynyň medeniýeti hem-de gadymy gymmatlyklary beýan edilýär.

Ş.Orazberdiýew. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. 2018.
Şazada Orazberdiýewiň döredijiliginde türkmen zergärçilik sungatynyň däplerine hormat goýmak bilen birlikde, döwrebap çeperçilik çözgütleri hem öz beýanyny tapýar. Ussat zergär öz sowgatlyk eserleriniň çeper gymmatyny ýokary ussatlyk bilen açyp görkezýär. Onuň eserleri milli mirasy wagyz etmekde we ýaş nesilde sungata bolan söýgini terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Aýjan ASTANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.