Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar güni orta mekdeplere kabul edilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat alan 1-nji synplaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolmak bagtyna miýesser bolan ýaşlaryň ýürek joşgunlary bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşyk emele getirdi.

Sahawatly güýzüň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde birnäçe çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini aýdyň äşgär etdi. Şeýle ruhy ýokary göteriliş Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy bilen utgaşyp, ýaşlaryň durmuşynda ykbal özgerdiji pursatlara öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gahryman Arkadagymyz: «Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! Diňe siz bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen belent ynamy bilen biz — ýaşlary beýik işlere ruhlandyrdy. Ýaşlary döwrüň kuwwatly güýjüne, halkyň nurana geljegine deňäp, olaryň watansöýüji, maksada okgunly, adamkärçilikli hem-de ylymly nesiller bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Akbäbek GURBANGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.