Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde ildeşlerimize ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça hem degerli maslahatlar berilýär. Çünki ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmek, ony berjaý etmek we ýangynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak, kärine we hünärine garamazdan, her bir adamyň borjudyr.
Halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesine has oýlanyşykly, jogapkärli çemeleşmek möhümdir. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ilkinji nobatda, köp babatda ýaşaýjylara, zähmetsöýer raýatlarymyza baglydyr. Şeýlelikde, ýaşaýyş jaýlaryndan, iş ýerlerinden gitmezden öň, ähli elektrik, gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamak maslahat berilýär. Kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke goýup gitmeli däldir, eger-de zerurlyk ýüze çykan halatynda, ähli ýakyjy serişdeler — otluçöp, çakmak, şeýle-de çaga oýnaýjak ýangyn howply goşlar çagalaryň eli ýetmez ýaly ýerde goýulmalydyr.
Öýde, iş ýerleriňizde gazyň ysy duýlanda, gaz bilen işleýän enjamlaryň nurbatlaryny ýapyp, penjireleri açyp, jaýyň içini ýelejiretmeli, elektrik enjamlary, telefonlary işletmeli däl. Eger işläp duran bolsa, olary öçürmeli däl. Şondan soň hem gazyň ysy gelip dursa, haýal etmän, howpsuz ýere çykyp, 04 ýa-da öýjükli el telefonyndan 004 telefon belgä jaň edip, Gaz howpsuzlygy gullugyna habar bermeli. Köplenç halatlarda, durmuşda ulanylýan enjamlaryň işledilip, gözegçiliksiz galdyrylmagynyň ýangyna sebäp bolýandygyny ýatladýarys.
Ýangyn ýa-da ýangynyň alamatlary bolan tüsse, ýanygyň ysy, gyzgynlygyň ýokarlanmagy, şeýle-de beýleki ýangyn hadysalarynyň alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän, telefon arkaly 01 belgä ýa-da öýjükli el telefonyndan 001 belgä Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna habar bermeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini diňe bir özüň dogry berjaý edeniň ýeterlik däldir. Eýsem, kimdir biriniň ýangyn howply hereketi edýändigini gören ýagdaýyňyzda, oňa bu zatlaryň soňunyň uly kynçylyklara, kämahal öwezini dolup bolmajak nogsanlyklara eltip biljekdigini düşündirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Şöhrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ýangyn-tehniki fakultetiniň mugallymy, içerki gullugyň maýory.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.