Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini buýsançly bellemek gerek. Awtobanyň gurluşygynda ulanylan ýol belgileridir çyzgylar halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Zerur ýerlerde dürli desgalar, köprüler, ýerasty geçelgeler, suw geçirijiler we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygaryň astynda biraýlyk çäreleriniň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýollarymyzyň asudalygy maşgalamyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz baglydyr.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.