Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özbaşdak, bagtly durmuşda ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň wysal bolmagydyr.

Şeýle uly bagta ýetip, asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuwynyň wysalyna gowşan halkymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüş-özgerişlikleri başdan geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyz bäri geçen döwürde güneşli Diýarymyz ykdysady, medeni galkynyşlaryň, asudalygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde halkara giňişliginde özüni ykrar etdirdi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, ykdysady ösüşlere, il-günüň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaklyga, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berlip başlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, şöhratly taryhymyzyň öçmejek sahypalary suratlandyrylýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty barada gürrüň berýän «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly gymmatly eserinde türkmen halkynyň ýüreginde asyrlarboýy ýaşan Garaşsyz döwletli bolmak arzuwynyň wysal bolmagy ugrunda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen belent sepgitler täsirli beýan edilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizde egsilmez guwanç, buýsanç döredýär. Biz ýurdumyzy rowaçlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Gunça ILZANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.