Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere bolan höwesini artdyrýar, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklaryň sazlaşykly çözgüdini we çykalgasyny salgy berýär. Çuň mazmunly eserler ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap – akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň çeşmesidir.
Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Munuň şeýledigine gadymy Merwde we Gürgençde ägirt uly kitaphanalaryň bolandygyna taryhyň sahypalary aýdyň şaýatlyk edýär. Horezmiň şasy al-Mamun döwrüniň ägirt uly kitap gaznasyny özünde jemlän ilkinji Akademiýany esaslandyrypdyr. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň giňemegine hyzmat edýän medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhasyň mizemez genji-hazynasy bolan kitabyň göz öňünde janlanmagy tebigy ýagdaýdyr.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýşi ýaly, kämil aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesliň terbiýelenmeginde, täze açyşlary bilen Watanymyzyň barha güllemegine saldamly goşandyny goşjak ýaş alymlaryň kemala gelmeginde kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, kitaba, ylma bolan söýgüsini artdyrmaga hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň naýbaşysy bolan kitap halkyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňemeginde kitap halkyň ruhy hazynasy bolup hyzmat edýär. Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda, kitaby söýmek, ylym-bilime sarpa goýmak ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen barha dabaralanýar.
Marhabo KURBANOWA,
Döwletli etrabynyň Кеrkiçi şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.