Zähmetsöýerlik ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgeleriň biridir. Şonuň üçin hem pederlerimiz nesilleriň zähmet terbiýesine hemişe uly üns beripdirler. Oguldyr gyzlaryna çagalygyndan zähmete, kesp-käre, hünäre söýgi döretmäge çalşypdyrlar. Şeýle asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüm halkymyzyň zähmet terbiýesi bilen bagly ýörelgelerine bagyşlanýar. «Zähmet adamy adam edýär!» diýen jümle bilen başlanýan bölümde zähmet düşünjesiniň manysy barada gymmatly pikirler beýan edilýär. Kitapdaky «Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir», «Zähmet endiklerini özleşdirmek hünäre ezberligi hem kemala getirýär», «Zähmetsöýerlik adamyň häsiýetini hem terbiýeleýär» diýen ýaly setirler zähmete söýgi döretmekde, zähmetsöýerlik duýgularyny ösdürmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini belläp geçýär. Şolaryň içinde kär-hünär terbiýesine hem möhüm orun degişlidir. Çünki terbiýäniň bu görnüşi her bir işe çynlakaý ýapyşmagy öwredýär, ynsanda erjellik, tutanýerlilik, çydamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Biz - ýaş nesilleriň kämil bilimli, hünärli we zähmetsöýer bolup ýetişmegimiz üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Maýsa BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.