Ine, biziň şu günlerimizde türkmeniň saryja tomsy dowam edýär. Bu ýylyň iň yssy möwsümidir. Şu möwsümiň juda yssy bolýandygy gadymy ýazgylarda hem beýan edilýär. Has irki taryhy çeşmelerde, «bu möwsümiň elli gün dowam edýändigi, şonuň üçin oňa «hamsin» (arap dilinde «elli» diýmekligi aňladýar) diýilýändigi, hatda şu möwsümde Sahara çölleriniň üstünden ösýän gyzgyn ýelleriň Merkezi Aziýa sebitlerini hem gurşaýandygy» nygtalýar. Eýsem, bu yssy günler haçan gutarýar?

22-nji iýunda Aralyk ýyldyzynyň dogmagy bilen başlanan bu esasy yssy döwür, 22-nji iýulda – Üçýyldyzyň dogmagy bilen has-da örküjine ýetýär. Üçýyldyz döwri 22-nji iýuldan awgustyň 9-12-si aralygynda dowam edip, muňa tomsuň «kiçi çillesi» ýa-da «saryja tomus» diýilýär. Açyk we gurak howa, ýalynly howruň ösmegi, howanyň yssylyk derejesiniň juda ýokary göterilmegi bu döwrüň aýratyn alamatlarydyr. Esasanam, Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we yz ýanlary howanyň derejesi has-da ýokarlanmak bilen bolýar. Çünki her ýyldyz doganda hökman howa täsirini ýetirýär. Ýaldyrak ýyldyzy doganyndan soňra howa az-kem çigreýär, otlaryň üstüne çyg düşýär. Mundan soň hem yssy howaly günler bolýar, emma saryja tomsuňky ýaly dowamly we juda ýalynly bolmaýar. Halk arasynda aýdylýan «Ýaldyrak dogandan soň keýik suwsamaz», «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözler muňa mysaldyr.                                               

Tomsuň örküjinde ýa-da häzirki dowam edýän saryja tomusda howanyň aşa yssy bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Bol gowaça hasylynyň, bakja önümleriniň we datly miweleriň ýetişmegi üçin şeýle howa tebigy taýdan zerur. Üstesine-de türkmen hasabyna laýyklykda sanlyja günden dogjak Ýaldyrak ýyldyzy bilen tomsuň esasy gyzgyn möwsümi tamamlanýar. Ýöne bir zady unutmaly däldiris: şeýle yssy günleriň dowam edýän wagtynda ýiti Gün şöhlesinden, şeýle hem ýangyndan goranmak möhüm mesele bolup orta çykýar. Yssy howada tokaýlarda, daglarda, sähralarda we öri meýdanlarynda haşal otlaryň guramagy ýangyny döredip biljek sebäpdir. Ýola, tebigata, dynç alşa çykanymyzda, şu meseleleri gözden salmazlyk, ätiýajy elden bermezlik möwsümiň möhüm talabydyr.  

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».