«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhymyzyň sahypalaryna durnukly ösüşiň we beýik tutumlaryň aýdyň şahady bolup ýazylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler diňe bir şu günki güni däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny hem kepillendirýär. Şanly ýylyň her bir güni, aýratyn hem bereketi bilen gelen bahar pasly döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmäge, halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň durmuş şertlerini hil taýdan täze basgançaga götermäge gönükdirilen taryhy wakalara beslendi.
«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen pelsepewi ýörelge döwrümiziň hakykatyna öwrüldi. Ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşlaryň göwün islän ýerinde ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Infrastruktura ösüşleriniň iň iri taslamalarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy bolsa, ýurdumyzyň ýaş işewürleri we logistika ugruny saýlap alan ýaş hünärmenleri üçin täze gözýetimleri açdy.
Energetika pudagynda gazanylan taryhy sepgitler hem ýaş nesilleriň ertirki gününe bolan ynamyny has-da berkidýär. Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň saparynyň çäginde gol çekilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasy we «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze derejä göterýär. Ýylda goşmaça 10 milliard kub metr tebigy gaz çykarmaga mümkinçilik berjek bu taslama ykdysady bähbitlerden daşary, müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegini üpjün edýär. Bu bolsa ýokary we ýörite orta bilim ojaklaryny tamamlap gelýän müňlerçe ýaşlaryň döwrebap senagat kärhanalarynda zähmet çekmegine, öz ukyplaryny görkezmegine şert döredýär.
Beýik tutumlary, taryhy wakalary bilen şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alýan bu ýylda ýaş nesliň nurana geljeginiň binýadyny berkiden şunuň ýaly döwletli tutumlar barmak büküp sanardan örän köpdür. Biz — ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrýan hakykat bolsa şol döwletli tutumlaryň täze üstünlikleriň, ýetiljek belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýanlygydyr. Amala aşyrylýan ägirt uly ykdysady, logistik we senagat taslamalary ýurdumyzy yklymyň kuwwatly halkasyna öwürmek bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr.
Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, olaryň döwrebap senagat we ylym giňişliginde öz ornuny tapmagy üçin ähli şertleri hem-de mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Täzegül BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.