Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň desse-desse çemenini sowgat berýär.

Halkymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Kitap adamyň dostudyr». Eger-de şeýle bolsa, ýene bir nakyly mysal getireliň: «Çyn dost kyn günüňde belli». Kitap durmuşda duşup biläýjek külpetleriň, islendik adamyň ykbalynda gabatlaşyp biläýjek meseleleriň çözgüdine aralaşmaga kömek edýär. Ol hem beýleki ynsanlaryň ykbalynda başyndan geçen ýa-da indi kimdir biriniň başyndan geçip biläýjek durmuşy wakalaryň üsti bilen amala aşýar.

Şu ýerde bir zady aýtmak zerur. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ähli eserleri tapylgysyz göwherler mysaly, biziň tapyp bilmejek paýhaslarymyzy özünde jemleýär. Beýik başlangyçlary oňlanylýan, makullanylýan, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň her bir kitabynyň içinden beýik iş, durmuş, maşgala we syýasy tejribe eriş-argaç bolup geçýär. Aýdylyşy ýaly, ynsany iň zyýada görkezýän zat akyldyr, ýöne tejribe-de akyldan pesde däldir. Sebäbi şol akyly nähili ulanmalydygyny ýene-de tejribe öwredýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okanyňda, Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar raýatydygyňa — ýaş neslidigiňe buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Çünki Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä aýan etmäge, daşary syýasatynda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik gazandy. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň milli ideologiýasyny özünde jemleýän ajaýyp kitaplarynyň ýalkymy asyrlardan-asyrlar aşyp, ýolumyza şugla saçsyn!

Aýrozy IMAMOWA,
Döwletli etrap Merkezi kitaphanasynyň Hojahaýran geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.