Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat» diýlişi ýaly, bilim ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şunda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy möhüm ähmiýete eýedir.

Strategiýada ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak we terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk maksatlar öz beýanyny tapýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri ruhy-ahlak terbiýesini kemala getirmegiň strategik ähmiýetli ylmy-nazary meselelerini işläp düzmegiň we ylmy-amaly taýdan kesgitlemegiň ýolgörkezijisidir. Bu baý mazmunly kitaplarda ündelýän ýörelgeler, edebi dilimiziň arassalygyny goramak, bilimde yzygiderlilik, jemgyýete peýdaly başlangyçlara işjeň gatnaşmak häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän durmuş nusgasy hökmünde mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Strategiýanyň aýratyn babynda ýokary okuw mekdepleriniň maliýe garaşsyzlygyny we durnuklylygyny, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmek bilen baglanyşykly kesgitlenilen anyk maksatlar görkezilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň üpjünçilik ulgamlaryna maýa goýumlary çekmekde geljegiň ykdysadyýeti üçin işgärleri taýýarlamak maksadyndan ugur alynýar. Strategiýada ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede ykrar edilmegini we bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli wezipeler görkezilýär. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Umuman, bu Strategiýa milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň şu günki we geljekki ösüşini kesgitleýär.

Arzuw NURÝAGDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 102 toparynyň talyby.