Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýokary hünär biliminiň Strategiýasy häzirki döwürde ýokary bilimi dünýä standartlaryna laýyk getirmek, öňdebaryjy innowasion usullary okuw-terbiýeçilik, ylym-hünär işlerine giňden ornaşdyrmak, professor-mugallymlaryň, usulyýetçileriň, pedagoglaryň, ýaş mugallymlaryň iş ussatlygyny kämilleşdirmek, hünär başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çünki ýokary hünär bilimi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
13 bapdan ybarat bolan bu Strategiýa bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýyna seljerme bermek bilen, bilimiň we zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny gazanmak, döwletimiziň innowasion ösüşinde zähmet serişdeleriniň hil görkezijilerini ýokarlandyrmak, olary netijeli peýdalanmak, ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik, tejribe we ylmy barlaghanalarynda guralýan işleri önümçiligiň ösdürilişi bilen baglanyşdyrmak ýaly ykdysady bähbitlere gönükdirilen wezipeleri kesgitleýär. Ýaşlary ylmy işlere giňden çekmegiň netijesinde, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini gazanmak, mekdepleri innowasiýa ulgamynyň subýekti hökmünde ösdürmek Strategiýanyň esasy wezipeleridir.
Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!
Malika RUSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň I ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.