Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady we durmuş ulgamlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda ynamly öňe barýar. Islendik döwletiň durnukly ösüşiniň we dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň özeni bolsa intellektual baýlyga — ýokary hünärli, innowasion pikirlenip bilýän ýaş nesle baglydyr. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen we tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynda täze bir taryhy döwrüň gapysyny açdy.

Bu çärýek asyrdan gowrak wagty öz içine alýan milli maksatnama, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim merkezleriniň derejesine çykarmagy maksat edinýär. 2052-nji ýyla çenli niýetlenen bu uzak möhletli strategiýanyň wezipeleri birnäçe möhüm ugurlara bölünip, olaryň özeni innowasiýa we sanly gurşawa daýanýar. Bilim ministrligi tarapyndan döredilen ýörite sanly platformanyň kömegi bilen, indi her bir mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we bütin okuw mekdebiniň görkezijileri hakyky wagt tertibinde seljerilýär. Bu bolsa ylmy-bilim derejesiniň has-da kämilleşdirmäge kömek edýär.

Ýokary okuw mekdeplerimiziň halkara reýtinglerde öňdebaryjy orunlary eýelemegi üçin okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar. Okuw ojaklary diňe bir bilim bermän, eýsem önümçilik bilen göni bagly bolan ylmy-barlag merkezlerine öwrülýär. Strategiýanyň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň häzirki we geljekki isleglerine laýyklykda alnyp barylýar. Ýakyn ýyllarda esasy üns ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň akademiki özbaşdaklygyny ýokarlandyrmaga, ylmy taslamalary maliýeleşdirmegiň täze gurallaryna we medeni diplomatiýany güýçlendirmäge gönükdiriler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bu özgertmeler, geljek ýyllarda ýurdumyzda her taraplaýyn kämil, sanly tehnologiýalary kämil özleşdiren, halkara derejede bäsleşip biljek watançy hünärmenleriň täze neslini kemala getirer. Bu bolsa öz gezeginde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny we dünýä wekilçiligini has-da berkider.

Abadangözel HALYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň MÇB we T-nyň 110-njy toparynyň talyby.