Häzirki wagtda bilim we ylym ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ylym ulgamyna halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Ylymlar gününiň dabaraly bellenilmegi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni taryhy ähmiýetli möhüm waka bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy hem-de döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi. Bu habar ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi.

Döwlet Baştutanymyz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip belleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu babatda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ylma esaslanyp öňe gitmeginiň uzak möhletleýin ýoluny kesgitledi. Çünki ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

2026-njy ýylda ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde türkmen alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesiniň berilmegi, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde ylmy dissertasiýalaryny goran alymlaryň 6-synyň doktorlyk, 5-siniň kandidatlyk resminamalarynyň ykrar edilmegi alymlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändigini subut edýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Ylym — köňül çyragy» diýip belleýär. Elbetde, ol çyrag bilen ykbal ýollarymyz aýdyňdyr. Goý, milli ylym ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mähri MÄLIKOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.