Häzirki wagtda dünýäniň ösüş depgini ylym we tehnologiýanyň derejesi bilen ölçelýär. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem hut şu maksada — ýurdumyzy akyl-paýhasyň, innowasiýalaryň merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler ýaş nesliň diňe bir bilim almagyna däl, eýsem, halkara bäsdeşlige ukyply täzeçil pikirleri orta atmagyna uly itergi berýär.

Islendik jemgyýetiň iň uly baýlygy onuň ynsan maýasydyr. Ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olary döwrebap gözleglere we taslamalara ugrukdyrmak — bu geljege goýulýan iň ygtybarly maýa goýumdyr. Häzirki ýaş hünärmenleriň öňünde bolsa sanly dünýäniň talaplaryna laýyk gelýän täze programmalary we innowasion önümleri döretmek, nazary bilimleri iş ýüzünde, önümçilikde peýdalanmagy başarmak, öz ukybyňy we zehiniňi ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga bagyş etmek ýaly möhüm wezipeler durýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti möhüm işler alyp barýar. Bu ýokary okuw mekdebi döwrebap inženerçiligiň we ýokary tehnologiýalaryň döwrebap ojagydyr. Uniwersitetde talyp ýaşlaryň ylmy-gözleg işleri amaly önümçilik bilen utgaşdyrylyp, ýurduň intellektual kuwwatyny has-da berkidýär. Çünki ýaşlaryň döredijilikli gözlegleri Garaşsyz Diýarymyzyň beýik ösüşleriniň kepilidir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Biziň uniwersitetimizde ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga uly üns berlip, talyplarymyz dürli bilim olimpiadalarynda, ylmy bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge hem-de ýaşlaryň ylym-bilim arkaly täze üstünliklere ýetmegine berk esas döredýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mähri MÄLIKOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.