Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat» diýlişi ýaly, bilim ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir. Şunuň bilen baglylykda, her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!

Şirin HAÝDAROWA,
Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.