Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de ene-atalar ýakynlap gelýän täze okuw ýylyny garşylamaga işjeň taýýarlyk görýärler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçen awgust maslahatlarynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler giň gözýetimli, döwrebap pikirlenýän, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de bilim işgärleriniň has netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, işleri netijeli guramak babatda çagalar baglarynda möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Bu ýylda hem, adatdakylar ýaly, geçen okuw ýylynyň jemleri üstünlikli jemlenip, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar ýokary guramaçylyga beslenýär. Bu ba­bat­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da tä­ze okuw ýy­ly­na yk­jam taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şunda çagalar baglarynyň bi­na­sy­nyň we topar otag­la­ry­nyň abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy ba­ra­da ala­da edil­ýär. Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de çagalar bagymyzda be­zeg iş­le­ri hem geçirildi. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini göwnejaý alyp bar­makda arassaçy­lyk-aba­dan­laş­dy­ryş işleri ýo­la go­ýul­ýar. Şeý­le hem döwrebap enjamlar, gör­kez­me esbapla­ry göz­den ge­çi­ril­ýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi, bu işde bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!

Täzegül MOŞULOWA,
Daşoguz şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.