Ýer ýüzünde awgust aýynyň ilkinji güýçli geomagnit tupany başlandy. Bu hadysa şu ýylyň ýaz paslynyň başyndan bäri hasaba alnan altynjy güýçli magnit bozulmasy boldy.

Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, Günden çykyp gelen nobatdaky plazma akymy Ýere ýetip, kosmos howasynda düýpli üýtgeşmeleri döretdi.

Alymlaryň bellemegine görä, magnit tupany wagtynda Ýeriň magnit meýdanynda üýtgemeler bolup, bu ýagdaý hemra aragatnaşygyna, radio signallaryna we käbir tehniki ulgamlaryň işine täsir edip biler. Şeýle hem güýçli geomagnit hadysalar polýar şöhleleriniň adaty bolmadyk sebitlerde görünmegine sebäp bolup bilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hünärmenler kosmos howasyna yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdýarlar. Magnit tupanynyň güýji Gün işjeňligine baglylykda üýtgäp biler.

«THE ASHGABAT TIMES».