Dominikan Respublikasynyň wekili Joheýrri Mola Dominges «Dünýä gözeli – 2026» halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň finaly Wýetnamyň Nha Trang kurort şäherinde geçirildi.
Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Ispaniýanyň we Malaýziýanyň wekilleri eýeledi.
73-nji «Dünýä gözeli» bäsleşiginiň çäklerindäki ýörite çäreler 29-njy awgustdan bäri geçirilip gelinýär. Milli gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan 111 gatnaşyjy bu çärelere gatnaşmak üçin Nha Trang şäherine geldiler.
Final dabarasy Nha Trang şäheriniň merkezi kenarynyň golaýynda ýerleşýän, 20 müňden gowrak tomaşaçy üçin niýetlenen açyk meýdançada geçirildi. Meýdançanyň uzynlygy 110 metrden gowrak, ini bolsa takmynan 40 metre deň. Ol köp derejeli LED ekranlar, güýçli yşyklandyryş we ses ulgamlary bilen üpjün edildi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.