Täze teňňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlandy. Ol ýadygärlik teňňesi däl-de, gündelik ulanyş üçin niýetlenen pul birligi hökmünde çykaryldy.
Teňňäniň bir ýüzünde ABŞ-nyň häzirki prezidenti Donald Trampyň keşbi, şeýle hem «Liberty» (Azatlyk) we «In God We Trust» (Biz Hudaýa ynanýarys) ýazgylary ýerleşdirilen. Beýleki ýüzünde bolsa galkanynyň üstünde 250 belgisi bolan ABŞ prezidentiniň möhüriniň şekili ýerleşdirilýär.
ABŞ-nyň Zarbathanasynyň maglumatlaryna görä, bu teňňeler ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk ýubileýi mynasybetli milletiň ruhuny, buýsanjyny we mirasyny şöhlelendirýär.
ABŞ-da takmynan 100 ýyldan bäri diri adamyň keşbi milli walýutada ýerleşdirilmeýärdi. Şonuň üçin bu karar güýçli tankytlara sebäp boldy. Sebäbi şeýle hormat adatça diňe aradan çykan döwlet işgärlerine berilýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.