Birleşen Milletler Guramasy (BMG) dünýä kartalarynda giňden ulanylýan Merkator proýeksiýasyndan ýüz öwürmek kararyna geldi.
XVI asyrda döredilen bu kartografik usul şu güne çenli okuw kitaplarynda we dürli sanly hyzmatlarda ulanylýar. Emma onuň esasy kemçiligi — ekwatordan näçe uzak ýerleşýän ýerler bolsa, şonça-da uly görkezilmegidir.
Mysal üçin, Merkator kartasynda Grenlandiýa Afrika bilen deňeçer ýaly görünýär. Emma hakykatda Afrika Grenlandiýadan takmynan 14 esse uludyr.
Täze karta ulgamyna geçmek baradaky başlangyç esasan Afrika ýurtlary tarapyndan goldanyldy. Olaryň pikirine görä, köne karta dünýäniň sebitleriniň hakyky ululygy barada nädogry düşünje döredýär. Täze görnüşli kartalaryň ýakyn ýyllarda peýda bolup başlamagyna garaşylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.