Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda adaty bolmadyk uky ýaryşy geçiriler. Oňa gatnaşyjylar bir wagtyň özünde 90 minut uklap, ýeňiji ýörite «uky indeksi» arkaly kesgitlener.

Ýeňijini kesgitlemek üçin gatnaşyjylaryň uky çuňlugy we hili, uklamak tizligi hem-de ukynyň durnuklylygy ýaly görkezijiler ýörite datçikleriň kömegi bilen ölçeniler.

Baş baýragyň möçberi 2,22 million ýen (takmynan 14,4 müň ABŞ dollary) bolar. Mundan başga-da, «Çuň uky baýragy» we «Akrobatik flip» ýaly ýörite ugurlar boýunça hem ýeňijiler kesgitlener.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýaryşa gatnaşyjylara tötänleýin saýlanan «uky sowgady» hem berler. Emma bu sowgadyň nämedigi häzirlikçe aýan edilmedi. Artykmaçlyk gazanmak maksady bilen öňünden bilkastlaýyn ukusyz galmak ýa-da ýaryşa ukusyz ýagdaýda gelmek gadagan edilýär.

Çärä 2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda badalga berler. Guramaçylar üç tapgyrdan ybarat ýaryşa jemi 20 töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşýarlar. Gatnaşmak mugt bolup, arzalar 16-njy sentýabra çenli kabul edilýär. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre Ýaponiýadaky uky ýetmezçiligi meselesine jemgyýetiň ünsüni çekmek maksady bilen geçirilýär. Ýaponiýa dünýäde adamlaryň ortaça uky dowamlylygy iň pes ýurtlaryň biri hasaplanýar.

«THE ASHGABAT TIMES».