Ispaniýanyň Alikante welaýatyndaky muzeýden bürünç eýýamyna degişli Wilýena hazynasy ogurlandy. Bu barada «El País» gazeti habar berdi.

Takmynan biziň eýýamymyzdan öňki 1200-nji ýyla degişli bolan hazyna altyndan, demirden, kümüşden we ýantar daşyndan ýasalan 59 sany gymmatly zatdan ybarat. Olaryň umumy agramy 10 kilograma golaý.

Habara görä, jenaýatçylar ilki muzeýiň golaýynda ýerleşýän sport merkezinde ýalan çagyryş arkaly howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ünsüni sowupdyr. Soňra olar gapdal penjireden sergi zalyna giripdir. Ogurlanan hazynanyň umumy bahasy 1,7 million ýewro töweregi diýlip çaklanylýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».