Türk­men hal­ky öý guş­la­ry­ny sak­la­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ripdir. «Ýe­di ha­zy­na­nyň» bi­ri to­wuk di­ýip ýö­ne ýe­re aý­dyl­man­dyr. Mälim bol­şy ýa­ly, to­wuk­lar öý şert­le­rinde hem kö­pel­dil­ýär. Her maş­ga­la özü­ne ýe­ter­lik to­wu­gy we beý­le­ki guş­la­ry ided­ýär. Çy­dam­ly agaç­lary berk­läp, dört di­war gal­dy­ry­lyp, üs­tü­ni ba­sy­ryp, ag­zy­na hem ga­py goý­lup, ke­tek taý­ýar­lan­ýar. Kä­halat­lar­da ýer­den ga­zyp, ki­çeň­räk ýer­kü­me ýa­ly hem ke­tek gu­rul­ýar. Ho­ja­lyk­da sak­lan­ýan to­wuk­laryň ara­syn­da ene to­wuk­la­ry «kürk ba­syr­mak» ar­ka­ly jüý­je alyn­ýar. Yzy­gi­der­li çi­şip, ene to­wuk ada­ty bol­ma­dyk «kürk, kürk» edip ses çy­kar­ýar. Soň­ra ýu­murt­ga­la­ry basyp ýat­ýar. Ene to­wuk ir ba­har­da kürk bol­sa ha­la­nyp­dyr. Kürk to­wuk ba­sy­ry­lan­da, kä­bir des­sur­lar ber­jaý edi­lip­dir. Ze­nan­lar öň­lü­gi­ne ýumurt­ga­la­ry sa­lyp. «Guk-guk, gu­kiýan, bi­ri ho­raz ga­lan­la­ry mä­ki­ýan!» di­ýen sa­na­wa­jy aý­dyp, to­wu­gyň ga­nat­la­ry­nyň aşa­gy­na ýu­murt­gala­ry go­ýup­dyrlar. Şeý­le­lik­de, geljek­ki jüý­je­le­riň kö­pü­si­niň mä­ki­ýan bol­ma­gy­ny is­läp­dir­ler. To­wu­gyň ulu­ly­gy­na we ho­wa şert­le­ri­ne görä, ýe­di, do­kuz, on bir, umu­man, ýu­murt­ga­lar täk san­da sal­nyp­dyr. Haý­sy-da bol­sa bir ýu­murt­ga gaza­nyň ga­ra­sy çal­nyp­dyr. Şon­dan çy­kan jüý­jä­ni ýe­tiş­di­rip, sa­da­ka ber­mek äht edi­lip­dir. Gadymdan gelýän ynançlara görä, pen­şen­be we an­na gün­le­ri jüýje çykartmak üçin kürk to­wuk ba­sy­ryl­man­dyr. Üç hep­de ge­çen­soň, jüý­je­ler ýu­murtga­dan çyk­ýar. Ene to­wuk jüý­je­le­ri­ni ga­na­ty­nyň astynda sak­lap ulaldýar. Jüý­je­le­ri­ne ulu­rak iý­mi­ti çüň­ki bi­len ço­kup, ow­nuk­lap ber­mek to­wu­gyň te­bi­gy hä­si­ýe­ti­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­myz öý guş­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni uly hö­wes bi­len ided­ýär. Ola­ra ada­ty to­wuk, hin­di to­wu­gy, gaz, ör­dek­leriň dür­li gör­nüş­le­ri, be­de­ne, kä­ki­lik we baş­ga­lar de­giş­li­dir. Ýur­du­myzda guş­çu­ly­gy te­le­ke­çi­li­giň mö­hüm ug­ru­na gö­nük­di­ren ho­ja­lyk­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar we in­di en­çeme ýyl­dan bä­ri ýö­ri­te guş­çu­ly­ga ni­ýet­le­nen top­lum­lar, ho­ja­lyk­lar he­re­ket ed­ýär.

Amanbike Nazarowa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy