Ýewropa Bileleşigi Özbegistana degişli "Aziýa-Invest bank"-y 16-njy sanksiýa paketine girizmekçi.
Bu çaklamany "Sistem" derňew taslamasy öňe sürdi. Sanksiýalar şeýle hem SWIFT ulgamyndan aýryljak 14 sany rus banklaryna täsir edip biler.
"Aziýa-Invest bank" 1996-njy ýylda Russiýa bilen Özbegistanyň hökümetara ylalaşygy esasynda esaslandyryldy.
Şeýle hem ýatladýarys, geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda Beýik Britaniýa Özbegistanyň Uzstanex limited liability partnership kompaniýasyna garşy sanksiýa girizdi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.