Täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler aýdyň geljegi nazarlaýar. Şunda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny döwrebap ösdürmek, jemgyýetçilik işlerine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üns merkezinde saklanýar. Öňde goýlan maksada ýetmegiň, haýsydyr bir meseläniň netijeli çözüwini tapmagyň esasy ýoly işleriň kanunçylyk hem-de maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagydyr. Şoňa görä-de, kanunçylyk hem-de hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak, raýatlaryň hukuk medeniýetini ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi beýan edilip, şolaryň biri hem syýasy terbiýedir. Haýsy käriň, hünäriň eýesidigine, haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, bu terbiýeleriň her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidigini nygtamak bilen, Milli Liderimiz şeýle diýýär: «Durmuş hakdaky düşünjeleriniň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin bu terbiýeleri özleşdirmek, nesilleri kämil terbiýe bilen gurşamak wajyp bolup durýar».

Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi hukuk medeniýetiniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň sazlaşygyny üpjün edýär. Ýeri gelende, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn ornuň degişlidigini, ýaşlaryň hukuk taýdan terbiýelenmeginde, ýaşlar jemgyýetiniň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşinde žurnalistikanyň hem möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýaşlara uly üns berilýän ýurdumyzda jemgyýetiň bu gatlagyna ata Watanymyzyň belent ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller hökmünde garalýar. Kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şeýle-de kanunlaryň taslamalaryna garalanda, ýaşlaryň hem gatnaşmagy ýaş nesillere bildirilýän uly ynamdan, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlar kanunçylygynyň döwrebap ösdürilýändiginden habar berýär.

Biz — ýaşlara dürli ugurlarda belent sepgitlere ýetmäge, döwrebap ylym-bilim alyp, hünär başarnyklarymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.