Türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüş ýolunda halkyň agzybirligi, jebisligi we döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň gatnaşmagy aýratyn orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň, giň jemgyýetçilik pikiriniň we milli bähbitleriň utgaşýan möhüm meýdançasydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.
«Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen parasatly sözler halk durmuşynda giňden orun alypdyr. Şu jähetden, Halk Maslahaty türkmen halkynyň asylly däplerine daýanýan, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gurluşdyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek ýörelgeleri häzirki döwürde döwrebap görnüşde dowam etdirilýär. Şol sebäpli hem Halk Maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk işleri halkyň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen utgaşýar.
Halk Maslahatyna taýýarlyk işlerinde ýaş nesle aýratyn orun degişlidir. Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi, täze pikirleriň we döredijilikli başlangyçlaryň eýeleridir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, olaryň teklipleriniň diňlenmegi we goldanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň ýaşlary gazanýan üstünlikleri bilen Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri bolsa bizi beýik işlere ruhlandyrýar.
Watanymyzyň beýik ösüş-özgertmeleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleridir. Nobatdaky taryhy forumyň Garaşsyzlyk toýunyň bosagasynda geçirilmegi bolsa toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Goý, berkarar Watanymyzy ösüşleriň bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, ulus-ilimizi eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynda rowaçlyklar hemişe ýaran bolsun!
Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 504-nji toparynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.