Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkyň agzybirligi, parahatçylygy we ösüşi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler täze üstünliklere ýol açýar. Şu günki gün ýurdumyzyň geljegini gurujy ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, döwletimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän giň gerimli umumymilli forumdyr. Onda halkyň teklipleri, ýaş nesliň geljegi, ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni ösüşleri bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýaş nesil ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlaryna sarpa goýup, häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyr. Watana bolan söýgi, zähmetsöýerlik, ylym-bilime ymtylyş we döredijilikli pikirlenmek ýaşlary beýik ösüşlere alyp barýan esasy gymmatlyklardyr. Türkmen ýaşlary geljekde hem eziz Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşup, ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermäge ukyplydyr. Halk Maslahatynyň öňde goýýan möhüm maksatlary bilen sazlaşyklylykda ýaşlar täze üstünliklere, täze ýeňişlere tarap ynamly gadam urýarlar.
Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga ýaş nesliň wekilleri hem uly isleg bildirip, häzirki wagtda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýaş nesilleriň ähli babatda kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Ogulnur ÖREMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.