Halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de sahawatlylyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň özenine öwrüldi. Häzirki wagtda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesiller hakda edýän atalyk aladalary munuň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar» diýip belleýär. Şoňa görä-de, pederlerimiziň ata-enesinden jyda düşen çagalary aýratyn mähir we alada bilen gurşap almak baradaky asylly däplerine wepaly bolan döwletimiz çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly körpelere hem ýardam elini uzadýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şu ýylyň 26-njy maýynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlenildi. Milli Liderimiziň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaga Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat bermegi ýurdumyzda hossarsyz galan çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda tagalla edilýändigini görkezýär.

Sahawatlylygyň, haýyr işleri amal etmegiň sogaby hem örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sahawat ýörelgelerini dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Saýýara TÄJIBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.