Bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleridir. Hut şonuň üçin-de, ýaş nesli ak ertirlere milli ýol-ýörelgelerimize kybap taýýarlamak, olaryň çuňňur watançylyk duýgularyny ösdürmek şu günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şol jähetden, 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiziň umumy okuw sapagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada söhbet etdi. Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşyny esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlady. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». Mähriban ýaşlar! Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! Diňe siz bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, sözüni jemlemegi ýaşlaryň watançylyk duýgularyny artdyryp, hemmämizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Peride GYLYÇHANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.