Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty barha pugtalanýar. Şunda giň gözýetimli, çuňňur dünýägaraýyşly we täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Çünki ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaş nesillerimize bildirilýän uly ynamyň beýanydyr. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuş tejribelerine esaslanyp berýän öwüt-ündewleri ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk ýörelgedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 ― 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Selbinýaz ROZGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.