Hytaýyň smartfon öndürijisi «Honor» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan gumanoid robot 100 metr aralygy 9,32 sekuntda geçip, ýamaýkaly sprinter Useýn Bolt tarapyndan goýlan dünýä rekordyndan hem ýokary netije görkezdi. Bu barada Hytaýyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Maglumata görä, «Çakmak» lakamly robot bu üstünlige şenbe güni Pekinde açylan ikinji Dünýä gumanoid robot oýunlaryna taýýarlyk synaglarynyň çäginde ýetdi.

Robotyň iň ýokary tizligi sekuntda 14,5 metre ýetdi. Deňeşdirmek üçin, Useýn Bolt 100 metr aralygy 9,58 sekuntda geçipdi. Bu netije 2009-njy ýylyň 16-njy awgustynda Berlinde geçirilen dünýä çempionatynda goýlan resmi dünýä rekordydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Aprel aýynda «Molniýa» atly bu robot Pekinde geçirilen 21 kilometrlik ýarym marafonda hem ýeňiş gazanyp, 50 minut 26 sekunt netijäni görkezdi. Bu görkeziji hem elit türgenleriň arasyndaky dünýä rekordyndan ýokary boldy.

Ýarym marafon wagtynda robotyň boýy 169 santimetr, aýaklarynyň uzynlygy bolsa 95 santimetrdi. Soňra gözlegçiler onuň aýaklaryny 10 santimetr uzaldyp, 1,05 metre ýetirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».