Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgy setirleri halkymyz üçin ruhy hem edebi gymmatlykdyr,tükeniksiz genji-hazynadyr. Ol ruhy kämilligin, nogsanlyklara garşy göreşmegiň milli mekdebidir, ylym-bilimiň nusgasydyr. Munuň seýledigine pähim, paýhasyň ummany dana Pyragynyň çeper döredijiligi bilen içgin tanyşan her bir ynsan göz ýetirse gerek.

Magtymguly atamyzyň döredijiligi aň ýetirerden has çylşyrymly hem giden syrly dünýädir. Onuň gysby setirleriniň many çuňlugyny, ýaýrawyny ummanlara deňemek bolar.Sozümi şahyryň şu parasatly setirleri bilen tassyklasam ýerlikli bolar:

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Asly ýaman bolsa çykmaz ýagşylyk

Aşlyga dartadyr ýüwrük çamanlyk

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma

Gahryman Arkadagymyzyň "Ynsan kalbynyň öçmejek nury" kitabynda belleýşi ýaly, Magtymguly atamyzyň döreden şygyrlary ynsan kalbynyň oçmejek nury bolup älem-jahany ýagtylandyrýar. Häli göwunleriň hem döwürleriň şahyry bolan Pyragynyň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga çaksiz söygi örboýuna galýar. Hut şonun üçin hem, akyldar şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň josup Duran durnagöz çesmesine deňelýär.

2024-nji ýyl Pahim-payhas ummany--Magtymguly Pyragy ýylymyzda Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dana Pyragynyn adamzady agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan şygyrlary parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderi mysaly ganat ýaýyp, bütin dünýäni aýlanýar.

Muhammedaly KERIMOW

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk 

institutynyñ talyby