Nesilden nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýän milli ahlak kadalarymyzda ýokary kämilligiň we berk ylmy esasyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Olar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dowamatynda-da, milli mirasymyzyň baý gaznasynyň «Kowusnama», «Gorkut ata», «Wagzy-Azat» ýaly pähim-paýhas gorlaryny özünde jemleýän ençeme eserlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Olar diňe bir edebi-çeper ýa-da jemgyýetçilik eserleri bolman, eýsem, çuň mazmunly ylmy ýazgylary, milli ahlak medeniýetimiziň beýikligini özünde jemleýän baýlyklardyr.

Ynsanyň şahsyýetine baha berlende, ilkinji nobatda, onuň edebi, tertibi, görüm-göreldesi nazara alynýar. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragy özüniň «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda merdana gerçek ýigidiň edebi barada şeýle diýýär: «Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, // Märekede otur-turuşyn görüň». Zenan edebi barada bolsa: «Hyrydar bolsaňyz gyza, geline, // Edebin, ekramyn, oturşyn görüň» diýýär. Görnüşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bu setirleri ýaşlara adamkärçiligiň gowy sypatlaryny we ahlak arassalygyny öwretmegiň, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegiň belent nusgasydyr.

Ösüp gelýän ýaş nesillerde ýene-de bir aýratyn ösdürmeli häsiýetleriň biri-de, söz terbiýesidir. Ata-babalarymyz sözi keramatly zat hasaplapdyr. Söz ýürekden çykanda, onuň şöhlesi öçmeýär. Danalaryň aýdyşy ýaly, söz — mukaddesdir, sebäbi onuň baryp ornaşýan ýeri ýürekdir. Elbetde, kalpdan çykan tämiz söz ynsanlary ýagty geljege ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserindäki: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen parasatly setirleri ýaşlaryň watançylyk ruhuny has-da arşa göterýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýaşlary hemmetaraplaýyn goldaýan, ýurdumyzy bedew bady bile öňe alyp barýan, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Söhbet KURBANIÝAZOW,
Farap etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.