Wagt näme? Eger menden hiç kim bu barada soramasa, men onuň nämedigini bilýärin, eger soranlara düşündirmek islesem, onda men wagtyň nämedigini bilemok. Wagt ýaralary bitirýär. Awreliý Awgustin

Wagt hemme gizlin zatlaryň üstüni açýar, anyk zatlary, bolsa gizleýär. Sofokl

Pursadyň eliňdekä, ömrüňi bihuda tutma.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Tygşytly wagtyň duşmany kararsyzlykdyr.

Ýitirilen baýlygy zähmet, unudylan bilimi gaýtadan okamak arkaly dikeldip bolar, emma ýitirilen wagty hiç zat yzyna getirip bilmez. Geljegimiziň kepili şu gündür. Şu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez. Eger şu günümizi tygşytly ulanyp bilsek, geljegimizden gorkmasak hem bolar.

Wagta häkim bolmak üçin öz pikir we eradalarymyza häkim bolmagy, öz-özümizi dolandyrmagy başarmalydyrys.

Wagty ganymat bil, ötse dolanmaz.

Wagt ýerine goýulmagy, yzyna gaýtarylmagy, satyn alynmagy mümkin bolmadyk bir zatdyr.

Wagt elinden tutup barýan çagaňa meňzeşdir. Ol hemişe yzyna bakmagy halaýar. Hulio Kortasar

Wagtyň çaly geçýändigi meni gaty gynandyrýar. Sebäbi ol geçmişi uzldýar, geljegi gysgaldýar. Haruki Murakami

Wagt barlygyň ýokluga bolan gatnaşygydyr. Fýodor Dostoýewskiý

Bu günki bir sagat ertirki iki sagada deňdir. Tomos Fuller

Iň uly ýitgi wagtyňy ýitirmekdir. Grigoriý Sowiç

Bu dünýädäki baýlyklaryň iň gymmat bahalysy wagtdyr. Seneka

Bihuda geçirilen bir sagadyň öwezini ýyllarboýy hem dolup bilmersiň. Rus nakyly

Wagt her kim üçin bir hili hereket edýär. Uilýam Şekspir

Wagtyň gadyryny bilýän adam iň dana adamdyr. Wiktor Suhorukow

Barlyk wagtsyz oňmaz, wagt hem barlyksyz. Artur Şopengauer

Enejan GUTLYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby