Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Buýruga gol çekmegi bilen badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisde bilim işgärleriniň öňünde durýan wajyp çäräniň ýokary derejede geçirilmelidigini, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlaryň kabul edilmelidigini aýdyp, anyk wezipeleri goýdy.

Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem ilkinji gününden başlap, kabul edişlik möwsümi ýokary işjeňlige eýe bolýar. Institutda talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edişlik möwsümine öňünden ykjam taýýarlyk işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda täze hünärleriň hem ençemesi açylýar. Ýeri gelende bellesek, 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň Parahatçylyk we bitaraplyk ugrunyň girizilmegi geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda möhüm başlangyçdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany barha artýar. Ýetip gelýän jogapkärli synag möwsüminde talyplyga dalaşgärlere uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Kalbyňyzda besleýän arzuwyňyz hasyl bolsun, mähriban ýaşlar!

Käbe ÝAGMYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.