Statistiki ösüşe görä 15,5 milion ýaşaýjylar agyr göz agyry bilen ejir çekýäler. Epidemiologik gözegçilik maglumatyna görä, göz agyry keselçiligi orta ýewropa statistika derejesine seredeniňde 1,5-2 esse elmydama ösýär.
Ähli ýaşdaky toparlaryň arasynda “kompýuter görüş sindromy” giňden ýaýrandyr, bu bolsa kompýuteriň öňünde uzak wagtlap oturmaklyk bilen baglanşyklydyr. Esasan-am bu mesele çagalara degişlidir. Gazagystanyň saglygy goraýyş ministrliginiň statistikasynyň görkezmegine görä, 1 milliondan köpräk ýaş raýatlar görüş organlarynyň dürli kesellerinden : Gipermetopiýa (daşdan görüp bilmezlik), miopiýa (ýakyndan görüp bilmezlik), astigmatizm, çaşygözlülik we ş.m ejir çekýär.
Meniň hut öz gözegçiligim bu statistikany tassyklaýar. Şeýlelikde gözegçilik geçirilen orta mekdepde okuwçylaryň 538 sanysynyň içinde 7-17 ýaşly ýetginjekler 15%-i daşdan görüp bilmezlik bilen, 12%-nde astigmatizm, 62%-nde ýakyndan görüp bilmezlik bilen ejir çekýärler. Meniň synpdaşlarymyň içinde bolsa diňe 20%-nde görüşinde hiç-hili kemçilik ýok. A görüş sistemasynyň nädogry ösmegi bolsa çagalykda dünýäni tanamakda kynçylyklara getirýär.
Eger-de şulary ýatda saklasaň kompýuteriň çaganyň görüşine negatiw täsir etmeginden gaça duryp bolýar: Çaganyň kompýuteriň öňünde oturmaklygyny çäklendiriň, çaga bilen göziň gimnastikasyny geçiriň, komýuteriň monitorynyň öňünde ýylpyldylaryň bolmazlygyna gözegçilik ediň [6]. Eger ýokary hem-de giň mümkinçilikli we şekilleriň ýokary ýygylykly örtülen , çyrpynmak täsiri düýpli pes bolan monitory ulansak kompýuteriň görüşe täsirini peseldip bolar. Ekranyň optimal ölçegi mekdep ýaşyna ýetmedikler üçin 15 dýum, a mekdep ýaşyna ýetenler üçin 17 dýumlyk monitor gerek. Hökmany suratda monitora çenli aralygy dogry ölçemeli – bu bolsa ortaça 45-60 sm, we ol gözüň ýerleşýän derejesinden pesde bolmaly. Dürs yşyklandyryş – çep tarapdan düşýän tebigy ýagtylyk hem miopiýanyň ösüşini azaldyp bilýär. A günüň gijeki wagty bolsa çyra monitoryň ekranyny däl-de diňe resminamalary yşklandyrmalydyr. Bu bolsa işlemäne kynçylyk döredýän ýylpyldylardan gaça durmaga kömek edýär.
Gaýgysyz MÖWLAMOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.