Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy – ýurdumyzyň taryhynda, halkymyzyň ykbalynda beýik belentlikleri, syýasy, ykdysady hem-de medeni-ruhy ösüşleri netijelendirýän baýramçylykdyr. Agzybirligiň hem-de berkararlygyň nyşany bolan bu taryhy senede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän orny we alyp barýan döwletlilik ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä bileleşiginde öz hataryny berkiden, durnukly ykdysadyýetli we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanaldy. Dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, yzygiderli durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar we milli binýady berkidýän özgertmeler hut şu şanly ýyllaryň netijesidir. 35 ýyllyk ýol – bu diňe bir wagtyň geçmegi däl, eýsem halkyň birleşip, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde we medeniýetde ýeten beýik sepgitleriniň dabaralanmasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetliliginiň taryhy hem-de döwrebap nusgasy hökmünde ýurdumyzyň syýasy ulgamynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty toplumlaýyn kararlary kabul etmekde, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramakda we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň senagat, energetika, ulag-logistika we oba hojalyk mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, zähmet haky, pensiýa we döwlet kömek pullaryny yzygiderli ýokarlandyrmak işlerini göz öňünde tutýar. Halkyň köpasyrlyk maslahatlaşmak, ulyny sylamak hem-de il-gün bilen geňeşmek ýaly milli däp-dessurlaryny döwrebap kanunçylyk binýady bilen utgaşdyrýar.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde goýan belent maksatlary ýurduň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň bilime, ylma bolan ymtylmalary, sanly ulgamyň ähli ugurlara girizilmegi we durmuş-ykdysady durnuklylyk syýasaty bu ösüşleriň iň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy – milli buýsançlygyň, berkararlygyň we agzybirligiň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzy mundan beýläk-de täze ýokary sepgitlere ýeter, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyz bolsa parahatçylygyň we ösüşiň beýik mekany hökmünde dünýäde öz abraýyny has-da dabaralandyrar.
Habib HALMAMEDOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.