Ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar.

BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk dialog üçin şertleri döredýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny amala aşyrmakda, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna we beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmagy bilen, Watanymyz olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin saklamak ugrunda giň gerimli işleri geçirýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaga gönükdirilen işler olary bir durkunda saklamak, abatlamak, ylmy barlaglar, taslama we önümçilik işleri bilen baglanyşykly çäreleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan taýýarlanylan ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestriniň çap edilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen bir hatarda, paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň geçirilendigini hem bellemelidiris.

Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.