Türkmenistanyň Gruziýa bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhda, ýagny Horezmşalar türkmen döwleti we ondan soňky döwürlerde-de türkmen-gruzin halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Türkmenistanyň we Gruziýanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem strategik orna eýedir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýada bolmagy aýratyn ähmiýetlidir.

Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, ulag-aragatnaşyk ulgamynda «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr transmilli geçelgesi, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eksport-import amallarynyň häzirki ýagdaýy, iberilýän harytlaryň, şol sanda nebithimiýa, dokma we oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Şunda ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugrudyr. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Poti portunyň mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy Hazar deňziniň hem-de Gara deňziň üsti bilen ýük daşamalary artdyrmaga ýardam berýän logistik zynjyry döredýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Energetika ulgamy hem wajyp ugurlaryň biridir. Energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň, Gruziýanyň üstaşyr kuwwaty arkaly türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň mümkinçilikleri örän ýokarydyr.

Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.