Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dostlukly gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny alamatlandyryp, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädimdir.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ykdysady ulgam, ulag-logistika pudagy, medeni-ynsanperwer dialog hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy iýulda Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň bolup, onuň milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşandygyny bellemek gerek. Medeni forumyň çäklerinde iki ýurduň döredijilik we kitaphana işgärleriniň duşuşygynyň, Türkmenistanyň we Gruziýanyň teatr ýolbaşçylarynyň, sahna ussatlarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi onuň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr bolup, dostluga, hoşniýetlilige, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi üçin täze sahypadyr. Munuň özi iki dostlukly ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Baýramgeldi AGASAPAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.