Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli umumybilim berýän orta mekdeplerde, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi täze taryhy eýýamda milli bilim ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini tassyklady. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir».
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilimler ýurdudygyny aýdyň tassyklady.
Ýurdumyzda bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda berilýän bilimiň üznüksizligi hem-de arabaglanyşygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň usulyýeti milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda has-da döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, okuwçylardyr talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar.
Bilim ulgamynyň ösüşi jemgyýetiň ösüşiniň öňe ilerlemeginde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan täze — 2026-2027-nji okuw ýylynda bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli «Bilimli» atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Laçyn NARMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.