Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Şu jähetden, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1-nji iýunynda tutuş ýurdumyz boýunça Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenip geçildi. Munuň özi häzirki wagtda geljegimiz bolan çagalara, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine, şonuň bilen birlikde, döwrebap derejede dynç almagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bu gün Türkmenistan bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek babatda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk ynsanperwer işleri munuň aýdyň mysalydyr. Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar.

Şu ýerde ýaş nesilleriň halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ýaşululara uly ornuň degişlidigini aýratyn nygtamalydyrys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýakynda — 26-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisi munuň, hakykatdan-da, şeýledigini tassyklaýar. Sebäbi mejlisiň dowamynda hormatly Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlenildi. Milli Liderimiziň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaga Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat bermegi ýurdumyzda hossarsyz galan çagalara howandarlyk golunyň uzadylýandygyny, olaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda tagalla edilýändigini görkezýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bir söz bilen aýdanyňda, häzirki döwürde eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, kämil bilim almagy, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin amatly şertler döredilip, degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi ýaş nesiller barada hemişe alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Olaryň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, döwrebap bilim almagy biziň esasy maksatlarymyzyň biridir».

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.