Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak möhüm orny eýeleýär. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana resmi sapary hem bu gatnaşyklary täze derejä çykarmaga itergi berer.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, şondan bäri syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we hemişelik Bitaraplygyny goldan ilkinji ýurtlaryň hataryndadyr. Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk hukuk taýdan 40-dan gowrak resminama bilen berkidilendir.

Soňky ýyllarda ýokary derejeli saparlar we duşuşyklar gatnaşyklaryň ösüşine güýçli itergi berýär. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýolbaşçylarynyň özara saparlary syýasy dialogy giňeldip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran sapary hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykardy. Ykdysady ulgamda hem gatnaşyklar giňelip, “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işjeňligi nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Şeýle hem bilim ulgamynda bilelikdäki maksatnamalar barha giňeýär, türkmen talyplarynyň Malaýziýada bilim almagy artýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Soňky ýyllarda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy söwda, syýahatçylyk we medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirdi. Umuman, Türkmenistan bilen Türkmenistan arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşyp, strategik ugurlarda ösüşini dowam etdirýär.

Merdan NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.