Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze ugra çykardy. Şu möhüm syýasy waka mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa» atly tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlik duşuşygy guraldy.
Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hem-de agzalan muzeýiň bilelikde guramagynda geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň hünärmeni Soltanberdi Annaýew alyp bardy. Duşuşyga myhman hökmünde Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy Jorageldi Hudaýnazarow, muzeýiň uly ylmy işgäri Gülälek Batyrowa, Demokratik partiýanyň Darganata etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Bagtygül Ernazarowa hem-de Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Abadan Döwletgeldiýewa dagylar gatnaşdylar.
Çykyşlarda iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem sebitde ulag-logistika, söwda-ykdysady we energetika pudaklarynyň geoykdysady mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Jorageldi HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.