Tomus paslynyň soňky günlerinde bilim edaralarynda dynç alyş döwri tamamlanýar, täze 2026–2027-nji okuw ýylyna giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mugallymlar, terbiýeçiler we ähli bilim işgärleri täze okuw ýylyny guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri durmuşa geçirýärler.

Tomus sagaldyş-taplama möwsümi çagalaryň dynç almagy, saglygyny berkitmegi, boş wagtlaryny manyly geçirmegi üçin möhüm mümkinçilik boldy. Şunda dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri we terbiýeçilik işleri guraldy. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bolsa bilim edaralarynda okuw otaglaryny taýýarlamak, okuw-usulyýet serişdelerini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Mugallymlardyr terbiýeçiler okuw meýilnamalaryny öwrenýärler, täze usulyýet ugurlary boýunça taýýarlyk görýärler, döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin öz hünär başarnyklaryny ösdürýärler.

Her ýyl däbe öwrülen awgust okuw-pedagogik maslahaty hem täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilýän möhüm çäreleriň biridir. Bu maslahat bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, geçen okuw ýylynyň netijelerine baha bermek hem-de täze okuw ýylynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin uly ähmiýete eýedir. Awgust maslahatlarynda mugallymlaryň tejribe alyşmagyna, täze bilim maksatnamalarynyň, döwrebap okatmagyň usullarynyň we terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna giň mümkinçilik döredilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şeýlelikde, tomus sagaldyş-taplama möwsüminiň üstünlikli tamamlanmagy we awgust okuw-pedagogik maslahatlarynyň geçirilmegi täze okuw ýylyna bolan taýýarlygyň aýdyň beýanydyr. 2026–2027-nji okuw ýylynda bilim ulgamynyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek, ýaş nesle ýokary hilli bilim we terbiýe bermek ugrunda ähli bilim işgärlerine uly üstünlikler arzuw edýäris.

Ogulnur ÝAKUBOWA,
Daşoguz şäheriniň inçekesele garşy bejeriş-sagaldyş görnüşli ýöriteleşdirilen 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.