Tomus çagalar üçin sagaldyş, dynç alyş möwsümi bolsa-da, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin hünäri kämilleşdirmegiň, geçen döwürde öwrenilenleri özleşdirmegiň, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň pursatlaryny we usuly wakalaryň toplumyny hem öz içine alýar. Bu möwsümde Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan hem birnäçe meýilnamalaýyn çäreler, usuly işler guramaçylykly geçirilip, pedagogik hünäri kämilleşdirmekde, möwsümiň çärelerini maksadalaýyk ýerine ýetirmegiň öňdebaryjy tejribelerini paýlaşmakda ähmiýetli boldy. Häzirki güne çenli geçirilen käbir usulyýet ugurly çäreler barada welaýatymyzyň pedagogik işgärleriniň çykyşlarynda hem muňa göz ýetirmek bolýar.

Güldesse NURYÝEWA,
Mary şäheriniň 51-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy:
― Biziň çagalar bakja-bagymyzda geçirilen tomus sagaldyş möwsüminde «Göwnaçmalary guramakda elektron serişdeleriň ähmiýeti» atly usuly sagat hem örän ähmiýetli boldy. Onda täze maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilikler açyldy. Usuly sagat temasy we maksady taýdan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän göwnaçma çäreleriniň görnüşlerine görä sanlylaşdyrylan serişdeleri peýdalanyp gyzykly we täsirli pursatlary guramakda, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä çärelerde wideo, audio eserleri ulanmagyň, yşyk, ses enjamlardan peýdalanmagyň tärlerini özleşdirmekde, häzirki zaman tejribeleri paýlaşmakda we ýaýratmakda ähmiýetli bolan usullary öwrenmäge gönükdirildi. Usuly çäräniň geçýän ýerinde şadyýan çykyşlar we bezelen bassyrmalar ähli gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Ýaýbaňlandyrylan sergi diwarlyklary bolsa döwrebap görkezme serişdelerini synlamaga we tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şunda biz hem körpelerimiz bilen aýdym-sazly çykyşlarymyzy görkezdik. Bu körpeler üçin ajaýyp pursada, pedagogik işgärler üçin hünär tejribesine öwrüldi. Pedagogik tejribeleri kämilleşdirmekde, usulyýeti mazmunlaşdyrmakda netijeli gural hasaplanylýan usuly sagadyň geçirilýän ýeri bolan biziň bakja-bagymyzda dürli göwnaçmalar, aýdym-sazly we dynç alyş häsiýetli bolup, olarda ertekiler dünýäsine gezelençler, many-mazmunly oýunlar, duýgulary ösdüriji öwrediji oýunlar, hereketli oýunlar, gyzyklanma çäreleri ýokary ruhubelentlikde görkezildi. Çagalaryň şadyýanlygy, innowasiýa üpjünçiligi, terbiýeçileriň ýokary guramaçylygy usuly sagadyň amaly bölüminiň netijeliligine täsir etdi.

Gülzar DAWRONOWA,
Oguzhan etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:
― Biziň etrabymyzda «Irki çagalyk döwründe terbiýe bermegiň halkara usullaryny  halk pedagogikasy bilen sazlaşykly durmuşa ornaşdyrmagyň tejribesi»  diýen tema boýunça welaýat derejesinde guralan usuly-amaly maslahatda biz hem körpelerimiz bilen gyzyklanma çäresini görkezdik. Ertekiler dünýäsine sanly serişdeler arkaly gezelenç etmek pursatlaryny guramak bilen, çagalaryň düşünjelerini, terbiýesini ösdürmekde, gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmakda tejribelerimizi paýlaşdyk. Sanlylaşdyrylan oýun usullary, çagalaryň çykyşlary gyzyklanma çärämiziň mazmunyny baýlaşdyrdy. Usuly-amaly maslahatyň barşynda edilen çykyşlar, göwnaçmalar, oýunlar özara tejribeleri alyşmaga, maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Çykyşlaryň ählisinde elektron görkezme serişdeleri peýdalanyldy. Ýeri gelende bellesek, «Irki çagalyk döwründe körpeleri terbiýelemekde ýörgünli halkara usullar», «Kiçi ýaşly çagalary halk pedagogikasynyň üsti bilen terbiýelemekde oýunlaryň guralyşy», «Gyzyklanma, göwnaçma çäerleri innowasion usulda guramagyň täze çemeleşmesi», «Mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işinde wirtual usuldan peýdalanylyşy» diýen temalarda edilen çykyşlarda halk pedagogikasynyň halkara usullar bilen sazlaşykly peýdalanylyşyndan ugur alnypdyr, çykyş edenler irki ýaşly çagalaryň bilim-terbiýesinde usulyýetiň bu iki uly şahasynyň birleşmesinden täzeçe çemeleşmelere we netijelere itergi berýän tärleriniň üstünde işläpdirler. Ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň milli terbiýeçilik däpleri, ikinji tarapdan bolsa döwrüň sanly mümkinçilikleri. Bu iki usuly utgaşdyryp, täzeçe terbiýeçilik tärlerini emele getirmek, tejribede synagdan geçirmek, öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak barada çykyşlarda dürli teklipler öňe sürüldi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Läle HOJANEPESOWA,
Ýolöten etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:
― Mekdebe çenli çagalar edaralarynda innowasion pedagogik tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, şahsyýete gönükdirilen oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, problemalaýyn okatmak, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologoýalary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanmak boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmak maksady bilen welaýat derejesinde geçen usuly sagat hem täze maglumatlary özleşdirmekde ähmiýetli boldy. Bu usuly sagatda men hem «Problemalaýyn okatmak we okatmagyň ösdüriji ugurlary boýunça Maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmagyň çözgütleri» diýen tema boýunça çykyş etdim. Elektron görkezme serişdelerini peýdalanmak bilen iş tejribämizden maglumatlary paýlaşmakda bu tema boýunça çykyş etmek kärdeşlerimiz bilen hünär gatnaşyklaryny berkitmäge itergi berdi.  Şeýle-de usuly sagadyň amaly tapgyrynda «Jadyly ýodajyk» atly gyzyklanma çäresini görkezdik. Usuly sagadyň geçýän ýerinde okatmagyň döwrebap usullaryna bagyşlanan serginiň eksponatlary, diwarlyklary, onda ýerleşdirilen täze esbaplar barada pedagogik işgärleriň sowal-jogap alyşmalary, söhbetdeşlikler täsirli we gyzykly guraldy. Şunda usuly sagadyň nazary çykyşlarynda öwrenilenler amaly taýdan berkidildi.

Şemşat GURBANOWA,
Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:
― Elbetde, tomus möwsüminiň soňky aýy usulyýet, guramaçylyk we hünäri kämilleşdirmek babatda has işjeň çärelere beslenýär. Her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary netijeli guralýar. Munuň özi geçen döwürde toplanan tejribeleri ýaýratmaga, täze sepgitleri we öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýyl hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda bu okuwlara guramaçylykly taýýarlyklar görülýär. Biz hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri bolup, bu ýylda dürli temalaryň üstünde işläp, täsirli çykyşlarymyzy öz kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga taýýarlanýarys. Awgust okuwlarynda we maslahatlarda dürli ugurlar bilen bir hatarda bilim edaralarynda tejribeli pedagogik işgäriň kärdeşlerine kömek bermek, ýаş hünärmene halypalyk etmek, okatmagy utgaşdyrmak, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek ýaly goşmaça işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler, çagalaryň saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy barada çykyşlar diňleniler we tejribeler, maglumatlar, usuly maslahatlar özleşdiriler.

Taýýarlan Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.