Ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Tomusky dynç alyş döwründe çagalar baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Şunda çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileri «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibine» esaslanyp, ýörite meýilnama esasynda iş alyp barýarlar.
Tomusky dynç alyş döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri üçin tomus sagaldyş möwsüminiň taplama çäreleri, gyzyklanma we göwnaçmalary ýaýbaňlandyrylýar. Bagtyýar nesillerimiziň kadaly we sazlaşykly irki ösüşini üpjün etmek, şadyýan tomsuň ruhubelentligini dabaralandyrmak, baý mazmunly çäreler arkaly ajaýyp dynç alyşy guramak, bu möwsümde çagalar baglarynyň esasy wezipesi bolup durýar.
Tomus paslynda geçirilýän işler taplama çäreleri bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu işleri talabalaýyk we göwnejaý guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda öňünden taýýarlyk işleri görüldi. Körpeleriň açyk howada gezelenç etmekleri üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Günüň birinji ýarymynda toparlarda irki maşklar, irki gezelençler, gyzyklanma çäreleri geçirilýär. Körpeler bilen guralýan hereketli oýunlar, gyzyklanma çäreleri, aýdym-sazly göwnaçmalar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar çagalaryň duýgularyny ösdürip, kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ösüp gelýän körpe nesilleriň sagdyn-durmuş ýörelgelerinde kemala getirilmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Päkize KAZAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.