Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gyzgalaňly dowam edýär. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýakymly howa gurşawy bilen tapawutlanýan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalar wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirýärler. Çagalar bakja-baglarynda bolsa tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen dürli beden taplama çäreleri yzygiderli guralýar.
Tomus möwsüminde çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri babatda göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli geçirilýär. Çaganyň durmuşa taýýarlygyny, kommunikatiw endiklerini tomus möwsüminde körpeler bilen guralýan dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, aýdym-sazly çykyşlaryň, hereketli we many-mazmunly oýunlaryň, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlaryň, bäsleşikleriň üsti bilen kämilleşdirilýär. Şunda çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomusky dynç alyş we sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibi» bize gollanmadyr.
Bu tertibe laýyklykda, körpeler bilen hereketli oýunlar, gyzyklanma we aýdym-sazly göwnaçma çäreleri, many-mazmunly oýunlar, ertekiler dünýäsine gezelenç ýaly gyzyklanma çäreleri geçirilýär. Bu çäreler çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, bölünen toparlarda hepdäniň dowamynda gezekleşdirilip, günüň birinji we ikinji ýarymyndaky gezelençler bilen utgaşdyrylyp guralýar. Kompýuter, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen otaglary bar bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň dowamynda bilim işgärleriniň kömek bermeklerinde çagalaryň tehniki serişdeler bilen işlemek başarnyklary kämilleşdirilýär.
Umuman, bu çäreleriň ählisiniň many-mazmuny çaganyň irki ýaşdan başlap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki körpe nesillerimiziň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar ýaş raýatlaryň — biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gülnabat JUMANAZAROWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.