«Tesla» kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatynda uly göwrümli gün panellerini öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. «TechCrunch» neşiriniň maglumatlaryna görä, Hýuston şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän bu iri senagat taslamasynyň bahasy 10,1 milliard dollara çenli ýetip biler.
«Project Crystal Sun» diýlip atlandyrylýan taslama boýunça kompaniýa Tehas ştatynyň häkimiýetlerinden salgyt ýeňilliklerini almak üçin degişli resminamalary hödürledi. «Tesla» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, şeýle ýeňillikler berilmese, taslamanyň 37 ýyllyk salgyt borçnamalary takmynan 1,1 milliard dollara barabar bolup biler.
Häzirki wagtda «Tesla» zawody ýerleşdirmek üçin ABŞ-nyň beýleki ştatlaryndaky mümkin bolan ýerleri hem öwrenýär. Şeýle-de bolsa, Tehasdaky meýdança esasy wariantlaryň biri hökmünde garalýar.
Täze kärhana sebitiň ykdysady ösüşine hem möhüm goşant goşmagyna garaşylýar. Resminamalardaky maglumatlara görä, zawodyň işe girizilmegi takmynan 9700 sany hemişelik iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Taslamanyň gurluşyk işlerine şu ýyl başlamak we zawody 2028-nji ýyla çenli doly taýýar etmek meýilleşdirilýär. Ilkinji gün panelleriniň önümçilik liniýasyndan 2029-njy ýylda çykmagyna garaşylýar. Bu bolsa täzelenýän energiýa çeşmeleriniň önümçilik kuwwatynyň artmagyna ýardam eder.
Kompaniýa hödürlenen resminamalarda täze zawodda öndüriljek gün panelleriniň ýerüsti energiýa ulgamlary üçin ýa-da kosmos enjamlary üçin niýetlenjekdigi barada anyk maglumat bermedi. Şeýle-de bolsa, «Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Muskyň kosmos tehnologiýalaryna we emeli hemralar bilen baglanyşykly maglumat merkezlerine uly gyzyklanma bildirýändigi mälimdir.
Häzirki wagtda zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty barada resmi maglumat berilmedi. Muňa garamazdan, «Tesla» 2028-nji ýyla çenli diňe ABŞ-nyň çäginde 100 gigawatlyk önümçilik kuwwatyna ýetmegi maksat edinýär. Täze taslama kompaniýanyň diňe elektrik ulaglary däl, eýsem täzelenýän energiýa ulgamlary ugrunda hem ösüş strategiýasyny güýçlendirýändigini görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.